Apr 16, 2022 13:26 Asia/Ashgabat
  • Yrak Sionist režimiň palestinalylara we Kudsa garşy agressiw hereketlerini ýazgardy

Yragyň Daşary işler ministrligi Sionist režimiň palestinalylara we basyp alnan Kudsa garşy agressiýasyny berk ýazgardy.

Anna güni sionist basyp alyjy güýçleriň Al-Aqsa metjidinde agyz bekleýänlere garşy hüjüminde we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we basyp alynan Kuds-daky çaknyşyklarda 224 palestinaly ýaralandy.

Sionist goşunyň rehimsiz hüjümleri köp sanly reaksiýalar we ýazgarmalar bilen hemra boldy.

Şu ugurda düýn Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdulhian Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy gullygynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režimiň bu jenaýatyny berk ýazgardy.

Şenbe güni Sumeriýe kanalyň beren habaryna görä; Yragyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda Yrak Palestina sebitlerinde bolup geçen wakalary we zorlugyň möwjemegini, Ysraýylyň basyp alyjy güýçleriniň operasiýalarynyň giňelmegini we palestinalylara garşy aşa zorluk ulanylmagyny ýazgarýar diýdi.

Yragyň Daşary işler ministrligi öz beýanynda Yragyň, mukades mekanlara şol sanda Al-Aqsa metjidine garşy bihormatçylyk etmek baradaky öjikdiriji çagyryşynya garşydygyna yşarat edip; Sionist režimiň bu çalt we howply özgerişleriniň öňüni almak zerurlygyny aýtmak bilen Palestina halkyna we öz ykballaryny kesgitlemek hukugyna goldaw bermegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags