Apr 19, 2022 09:20 Asia/Ashgabat
  • Putin bilen Abbasyň sebitdäki wakalar barada telefon arkaly söhbetdeşligi

Duşenbe güni Kreml, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Palestina dolanşygynyň başlygy Mahmud Abbas bilen sebitdäki soňky wakalar barada telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Kreml Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we basyp alnan Kuds-da dartgynlygyň güýçlenmeginden soň, Putin we Abbas Günbatar Aziýanyň ýaraşyk boýunça dörtlük toparynyň çäginde Palestina bilen Ysraýylyň arasynda gepleşikleriň täzeden başlamagynyň möhümdigini aýtdy.

Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde Mahmud Abbasa Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikler barada maglumat berdi.

Sionist goşunyň Al-Aqsa metjidine eden hüjümleri anna güni başlandy we şu güne çenli dowam edýär.

 

Tags