Apr 26, 2022 17:00 Asia/Ashgabat
  • Palestina Intifazasyny goldaýan Halkara konferensiýanyň sekretariatynyň Bütindünýä Al-Kuds güni ýörişine gatnaşmagyna çakylygy

Bütindünýä Al-Kuds gününiň öňüsyrasynda, Palestina Intifazasyny goldamak boýunça halkara konferensiýanyň hemişelik sekretariaty Yslam Eýranyň ähli gahryman we hemişe sahnasyndaky adamlaryny, dünýä parlamentleriniň wekillerini, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we dünýä azatlygynyň wekillerini ýörişe gatnaşmakga çagyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Palestina Intifazasyny goldamak boýunça halkara konferensiýanyň hemişelik sekretariaty bir beýannama boýunça kyrk bäşinji Bütindünýä Al-Kuds güni ýörişiniň öňüsyrasynda, palestinaly ýaşlar 1948-nji ýylda basyp alnan sebitlerde we Günbatar Şeriýada operasiýa geçirip, käbir arap hökümdarlaryň dönüklik edendiklerine garamazdan Palestiniň henizem diridigini we basyp alnan ýerleriň azat edilmegi ugrundaky göreşde palestinalylaryň hemmeleriň bardygyny we umytlydygyny mälim etdiler subut etdiler diýip yglan etdi.

Beýanatda şeýle diýilýär: Palestina halkynyň berk durmagy we garşylygy, Sionist režimiň esasy goldawçylary hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Ýewropay, hem-de gatnaşyklary kadalaşdyrmak we sionistleri kanagatlandyrmak arkaly halka garşy hökümetleriniň gowşak esaslaryny güçlendirip biler mykam diýip sadalyk bilen pikir edýän Hökümetleriň güýjini çalyşa çekip duşmany şowsuz edendir.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Palestina Intifazasyny goldaýan Halkara konferensiýanyň hemişelik sekretariaty,musulman halklaryň agzybirligini goldamak bilen ýene bir gezek yslam mejlislerini, dünýä we hökümete degişli bolmadyk guramalary basyp alyjy režimiň jenaýatlaryny ýazgarmaga we Hhalkara arenasynda sütem etmek we Palestina halkynyň kanuny hukuklaryny goldamaga çagyrdy.