Apr 26, 2022 21:23 Asia/Ashgabat
  • Seýid Hasan Nasrollah: Wagtyň geçmegi bilen Kudsyň kömekçileri köpelýär

Liwanyň "Hizbullah" hereketiniň baş sekretary wagtyň geçmegi bilen Ymam Homeýni (RA)niň Halkara Kuds gününi yglan etmekdäki paýhaslylygynyň has aýdyň bollýandygyny aýtdy.

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde (1401-nji ýylyň 9-njy Ordibeheşti) 1443-nji ýylyň Remezan aýynyň 27-si, Halkara Kuds güni bilen gabat gelýär.

Al-Masira teleýaýlymynyň habaryna görä, Saýyid Hasan Nasrallah sişenbe güni Halkara Kuds güni mynasybetli onlaýn ýagdaýda geçirilen "Al-Kuds Minbar" programmasynda Palestina meselesi täze durmuş we ýaşaýyş berýär we has köp kömekçi we ýoldaşlary özüne çekýär we janyny pida etmäge taýyn söweşijileri taýýarlaýar diýip beýan etdi.

Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary sionist duşmanyň Palestina meselesiniň wagtyň geçmegi bilen ýatdan çykarylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Seýid Hasan Nasrollah şeýle-de, Kudsyň şu gün esasy mesele we beýleki meseleleriň merkezine öwrülendigini aýtdy. Aslynda, çydam okuna Kudsyň oky hem diýilmeli, sebäbi Kuds hökümetleri, toparlary we halklary üçin esasy meseledir diýdi.

Liwandaky Hizbullanyň Baş sekretary geçmişiň kyn döwürlerini başdan geçirendigimizi we Taňrynyň kömegi bilen soňky ýeňşiň bosagasynda durýandygymyzy we ýakyn wagtda görjekdigimizi aýtdy. Ol şeýle-de ähli zynjyrlary döweris we ähli dildüwşükleri ýeňeris. Kuds esasy mesele, maksat we ok bolup galar diip sözlerine goşdy.