Kuweýt, Katar we Iordaniýa sionistleriň Al-Aqsa metjidine edilen hüjümini ýazgardylar
Kataryň, Kuweýtiň we Iordaniýanyň daşary işler ministrlikleri penşenbe güni agşam sionistleriň Al-Aqsa metjidine edilen hüjümini berk ýazgardylar.
Sionistleriň ýüzlerçesi penşenbe güni Palestini basyp almagyň ýyl dönüminde Al-Aqsa metjidine hüjüm edip, oňa bihormatçylyk etdiler.
EýranPress-iň habaryna görä, Kuweýtiň Daşary işler ministrligi sionistleriň Al-Aqsa metjidine edilen hüjümini ýazgarýan beýanatynda palestinalylara garşy şeýle bikanun hereketleri dowam etdirmegiň agyr netijeleri barada duýduryş berdi.
Kataryň Daşary işler ministrligi hem sionistleriň gazaply hereketlerini ýazgarmak bilen sionistleriň Al-Aqsa metjidine eden hüjümini musulmanlaryň gymmatly mukaddesligine hormatsyzlyk etmek diýip atlandyrdy.
Iordaniýanyň Daşary işler ministrligi öz beýanynda Sionistleriň Al-Aqsa metjidine edilen hüjümini ýazgardy we Ysraýylly dolujylaryň mukaddes metjidi basyp almagyny derrew bes etmegi isledi.
Düýn hem Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Palestina Intifadasyny goldaýan Halkara konferensiýanyň sekretariaty, Sionistleriň Al-Aqsa metjidine garşy agressiýasyny ýazgarýan beýanynda: Palestinanyň halky we çydam toplumy Aqsa metjidi we basyp alnan ýerleri azat etmäge taýyn diýip yglan etdi.