May 06, 2022 15:38 Asia/Ashgabat
  • Hamas we Yslam Jihady, Tel Awiwdäki Palestina çydam hereketrine reaksiýasy

Palestina Yslam Jihady we Hamas hereketleri, birnäçe sionistiň ölümine we ýaralanmagyna sebäp bolan Tel Awiwiň golaýynda geçirilen operasiýany gutlady.

Tel Awiwiň gündogaryndaky "Al-Aad" Sionist şäherçesinde penşenbe güni gije Palestinalylar tarapyndan geçirilen operasiýanyň gidişinde üç sany sionist öldürildi, başga-da dokuz adam ýaralandy.

bu hüjümler Sionistleriň Al-Aqsa metjidine eden hormatsyzlyklaryň netijesidir.

Palestinanyň Yslam Jyhad Hereketiniň syýasy býurosynyň agzasy "Muhammet Hamid:" Sionist harbylar we şäherçelerde ýaşaýan Sionistler tarapyndan Al-Aqsa metjidiniň masgaralanmagy ähli gyzyl çyzyklara garşy çozuşdyr we halkymyz bu agressiýalar reaksiýa bildirmegini dowam etdirer diýdi.

Hamasyň metbugat sekretary Hazem Kasym, "Al-Aad" operasiýasyny palestina halkynyň Kudsy basyp alyjylaryň çozuşyna garşy gaharynyň bir bölegi diýip atlandyrdy we Al-Aqsa metjidine edilen hüjümiň jogapsyz we jezasyz galmajakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda Sionist režimiň içeri işler ministri Umer Barlow howpsuzlyk güýçleriniň Al-Aad şäherinde operasiýany edenleri tussag edip bilmeýändigini boýun aldy.

Sionist režimiň polisiýasy hem şu wagta çenli Al-Aad şäherinde operasiýasyny eden palestinaly tussag edip bilmedi.