May 15, 2022 13:01 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň hünärmenleri:

BMG-nyň hukuk hünärmenleriniň pikiriçe, Al Jazeeranyň palestinaly žurnalisti Şirin Abu Akelanyň terror edilmegi uruş jenaýaty diýdiler.

Sionist söweşijiler geçen çarşenbe güni Al-Jazeere habarlar gullugynyň habarçysy Şirin Abu Akelany basyp alnan ýerlerde oka tutup şehit etdiler we şondan bäri Bu wakan şu wagta çenli dürli medialaryň ünsüni özüne çekdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň hukuk hünärmenleri bilelikdäki beýannamada Şirin Abu Akelanyň janyna kast edilmegini ýazgardylar we onuň öldürilmegi barada aç-açan, çalt we giňişleýin derňew geçirilmegini islediler.

Bu beýannama 1967-nji ýylda basyp alnan Palestindäki adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçy Françeska Albanese, Bikanun jezalandyryş boýunça ýörite hasabatçy Moris Tedbol-Benz, Aýallara garşy zorluk boýunça ýörite hasabatçy Rim al-Salem we ynanç we beýan zatlygyny wagz we hemaýat etmek boýunça ýörite hasabatçy Iren Han tarapyndan çykaryldy.