Jul 03, 2022 16:02 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Günbatarlylaryň Siriýany durnuklaşdyrmak baradaky toslamalary dogry däldir

Eýranyň daşary işler ministri Sionist regimeimiň Siriýa eden hüjümlerini ýazgaryp, Sionist regimiň agressiw hereketleri bilen iş salyşmazlygyň, Günbataryň Siriýany durnuklaşdyrmaga synanyşmak baradaky aýdanlarynyň dogry däldigini görkezýändigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian, sionist regimiň agressiw hereketlerine garşy günbatar ýurtlarynyň dymmagyny bu ýurtlaryň goşa standartlarynyň görkezijisi diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri sebitdäki meseleleriň gepleşik we hyzmatdaşlyk arkaly çözülmegine ünsi çekdi we Eýranyň bu meseleleri çözmek üçin harby operasiýalara garşydygyny aýtdy.

Siriýanyň hökümetiniň we prezidentiniň bu ýurduň milli jebisligini, territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha beren Amir Abdullahian, Siriýanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna garşy çykýanlaryň bu ýurduň ýagdaýyny ýok etmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Siriýa Respublikasynyň Prezidenti Başar Assad hem bu duşuşykda, Eýranyň Daşary işler ministriniň Damaska ​​eden saparyny sebitdäki we global wakalary göz öňünde tutup, häzirki ýagdaýda möhüm diýip atlandyrmak bilen sebitdäki deňagramlylygy biziň peýdamyzy üýtgetjek ýagdaý emele gelýär diýdi.

Başar Assad şeýle-de Günbatar ýurtlarynyň Siriýadaky ýagdaýy öjükdirmek, beýleki taraplardan ar almak, bäsdeşlik we bal gazanmak maksady bilen eden hereketlerini ýazgardy.

Siriýa Respublikasynyň prezidenti Palestini Eýran Yslam Respublikasy bilen Siriýanyň arasynda umumy alada döredýän mesele diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Siriýa saparynyň dowamynda bu ýurduň daşary işler ministri we Siriýada ýerleşýän Palestinaly toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.