Jul 22, 2022 09:20 Asia/Ashgabat
  • Sebit meselelerinde diplomatiýanyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi

Astana prosesi sammitiniň ýedinji tapgyry geçen sişenbe (22.07.19) Tähranda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň we Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň gatnaşmagynda geçirildi.


..

"Astana prosesi" diýlip atlandyrylýan ýygnak Russiýanyň we Eýranyň  başlangyjy bilen we Türkiýäniň hemralygynda başlanandyr. Bu üç ýurduň wekilleri, Siriýanyň wekilleri we bu ýurduň hökümetiniň garşydaşlary bilen bilelikde gepleşik stolunyň töwereginde 18 gezek oturdylar we üç ýurduň prezidentleri  Tehran oturşygyna çenli  6 gezek gepleşik stolunyň başynda oturdylar. Şu wagta çenli bu gepleşikleriň netijesi Siriýada parahat zonalary döretmek, birnäçe siriýaly bosgunyň ýurda gaýdyp gelmegi üçin esas döretmek we konflikt sebitleriniň adamlaryna ynsanperwer kömegini ibermek boldy. Astana ýygnaklarynda Siriýanyň konstitusiýasynyň taýarlanmagy hem alnyp barylýar.

Astana prosesiniň ýolbaşçylarynyň 6-nji duşuşygy, iki ýyl ozal geçirildi we häzirem 7-njisiTehranda geçirildi.  şol bir wagtyň özünde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan,Siriýanyň demirgazygyndaky kürt söweşijilerine garşy täze hüjüm başlatjakdygyny aýtdy ýöne Eýran we Russia bu operasiýa garşydyrlar. Eýran ozal Türkiýäniň Siriýadaky harby operasiýasy barada duýduryş beripdi we şeýle hereketiň "sebiti durnuksyzlaşdyrjakdygyny" aýdypdy. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sişenbe güni Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşygynda Siriýanyň özygtyýarlylygynyň goralmagyny nygtap, "Siriýanyň demirgazygyndaky harby hüjüm hökman Siriýanyň zyýany, Türkiýäniň zyýany we bütin sebitiň zyýany bolar diýipdiler.  

Duşuşygyň jemleýji beýanynda Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň üç ýurdunyň Siriýanyň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we goramak meselesinde has köp utgaşdyrylmagyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde üç ýurduň ýolbaşçylarynyň Tehran ýygnagynda jemleýji beýanynda siriýaly bosgunlaryň yzyna gaýdyp gelmegine kömek etmek, terrorçylyga garşy göreşi dowam etdirmek, bikanun özbaşdaklyga garşy çykmak we Siriýanyň baýlyklaryny talamak meselesi bien garşy bolmak nygtaldy.

 

Tags