Jul 31, 2022 14:35 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Yrakdaky bidüzgünçilikler baradaky aladasyny bildirdi

Yrakdaky bidüzgünçiliklere jogap hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bu ýurtdaky protestleri alada bilen yzarlaýandygyny aýtdy.

Muktada Sadryň tarapdarlarynyň "Muhammet Şia al-Sudani" -niň premýer-ministrlige dalaşgärligine nägilelik bildirýän hereketleri geçen çarşenbe güni başlandy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýerli wagt şenbe güni agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" söz azatlygyny we Yrakda parahatçylykly ýygnanyşmak hukugyny goldaýan beýannama çap edip, ähli taraplary haýsydyr bir zorlukdan gaça durmaga çagyrdy we dartgynlygy azaltmak we Parahatçylykly demonstrantlary we hökümet edaralaryny goramaklygyň üpjün edilmegini isledi.

Şeýle hem, Guterreş ähli partiýalardan we syýasy toparlardan parahatçylykly we öz içine alyjy gepleşikler arkaly gysga wagtda milli hökümet gurmagyny isledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Yrakdaky edarasy mundan ozal häzirki dartgynlylygyň ýokarlanmagy aladalandyryjy we zorlugyň dowam etmeginiň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmelidigini aýtdy.

"Muktada Sadr" -yň ýolbaşçylygyndaky Sadr hereketini goldaýanlar howpsuzlyk päsgelçiliklerinden geçip, Bagdadyň ýaşyl zolagyna girdiler we şenbe güni öýlänlerinde ýene Yrak mejlisine girdiler.