Aug 13, 2022 15:47 Asia/Ashgabat
  • Halid Maşal: Eýran bilen gatnaşyklar bir salymam bozulmady

Palestinany[ Yslam Çydam Hereketiniň gullygynyň başlygy Hamasyň Eýran bilen gatnaşyklarynyň hiç wagt kesilmändigini we kyn şertlere garamazdan Eýranyň bu hereketi goldaýandygyny aýtdy.

"Al Jazeera" -nyň şenbe güni beren habaryna görä, Palestinanyň Yslam Çydam Hereketiniň gullugynyň başlygy "Halid Maşal" çykyşynda Hamasyň Musulman doganlygy hereketi(Akhawan Almoslimin) bilen baglanyşykly wakalara gatnaşmagy baradaky toslamalary ret edip, Riýad häkimiýetlerinden Saud Arabystanyň türmelerinde Hamasyň tussag edilen agzalarynyň boşadylmagyny isledi.

Eýran bilen Hamasyň arasyndaky gatnaşyklar barada Maşal Hamasyň Siriýadaky ofislerini yzyna almak kararyna bu Palestina hereketi bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklara täsir edendigini boýun aldy, ýöne bu gatnaşyklar hiç wagt kesilmedi we kyn şertlere garamazdan Eýranyň bize berýän goldawy dowam etdirilýär diýip yglan etdi.

Tags