Aug 30, 2022 13:25 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian, Eýranly zyýaratçylaryň Yrakdaky ýagdaýynyň yzarlanmagyny nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri, Eýranly zyýaratçylaryň hemmesiniň Yrakdaky ýagdaýynyň yzarlanmagyny nygtady.

Duşenbe güni, Moqtada Sadryň Yrakdaky syýasy işinden çekilendigi baradaky beýanatdan soň, Sadr tarapdary demonstrantlar Bagdadyň ýaşyl zolagyndaky prezident köşgüne hüjüm etdiler we birnäçe sagatdan soň howpsuzlyk güýçleri prezident köşgüni ele geçirenden soň, Moqtada Sadryň tarapdarlary Bagdadyň ýaşyl zolagyndan yza çekilip başladylar.

IRNA-nyň sişenbe güni irden beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Eýranyň Yrakdaky ilçisi Muhammet Kazem Al-Sadeg bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Eýranyň zyýaratçylarynyň soňky saglyk we howpsuzlyk ýagdaýyny yzarlady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yrakdaky Ilçihanasynyň we Baş konsullyklarynyň edýän tagallalaryna ýokary baha beren Eýranyň Daşary işler ministri, ähli Eýranly zyýaratçylaryň Yrakdaky ýagdaýlaryny yzarlamaga ünsi çekdi.

Ýene bir habara görä, Eýranyň uçarçylyk guramasynyň awiasiýa müdiriniň orunbasary "Hasan Hoşho" Eýrandan Yraga ähli uçuşlar habar berilýänçä ýatyryldy we Eýrandan Yraga uçuş amala aşyrylmaz diýdi.

Ol şeýle-de Yrakdaky Eýranlylary adatdan daşary uçuşlar bilen yzyna gaýtarmak synanyşygyny yglan etdi.

Eýranyň Haj we zyýarat guramasy hem Yrakdaky Eýranly zyýaratçylaryň howpsuz we sagdyndygyny we bu ýurda zyýarat kerwenleriniň iberilmeginiň ýatyrylandygyny habar berdi.

Gowşan iň soňky maglumatlara görä, Bagdatda (Yragyň paýtagty) we bu ýurduň käbir beýleki sebitlerinde gozgalaňçylar bilen Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolup geçen çaknyşykda azyndan 30 adam ölüp, 700-den gowrak adam ýaralanypdyr, şolardan 110-sy Yragyň howpsuzlyk güýçleridir.

Tags