Sep 27, 2022 18:06 Asia/Ashgabat
  • Yrak mejlisiniň başlygy işinden çekildi

Yrak mejlisiniň başlygy Muhammet Al-Halbousi şu gün, sişenbe resmi taýdan işinden aýryldy we mejlisden ertir, çarşenbe güni geçiriljek ýygnagda işinden çekilmegi barada ses bermegini isledi.

Yrak howpsuzlyk nukdaýnazaryndan asuda günleri başdan geçirýär, emma syýasy taýdan bu ýurtda parahatçylyk henizem höküm sürmeýär.

Yrakda geçirilen parlament saýlawlaryndan bir ýyl töweregi wagt geçdi we şu wagta çenli bu ýurduň syýasy toparlary täze prezidenti we premýer-ministri tanatmak barada ylalaşyk gazanyp bilmedi.

Yrakda saýlawlar geçirilenden soň Mejlisiň başlygy wezipesine diňe Muhammet Al-Halbousi saýlandy. Şeýle-de bolsa, Sadr hereketi bilen baglanyşykly wekilleriň işden aýrylmagy Yrak mejlisiniň düzüminiň üýtgemegine sebäp boldy, sebäbi Sadr hereketi bilen baglanyşykly köp sanly orun şaýy utgaşdyryş çägine berildi.

 

IRIB habar gullugynyň beren habaryna görä, "Muhammet Al-Halbousi" BMG Baş sekretarynyň Yrakdaky ýörite wekili Jenin Plashart bilen duşuşandan soň işinden gitmek kararyna geldi.

Duşenbe güni Al-Halbousi we Plashart Yragyň syýasy ýagdaýy baradaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we bu mesele bu duşuşykda bolup geçen zatlaryň hakykaty barada-da soraglary döredendir.