Oct 31, 2022 15:21 Asia/Ashgabat
  • Al-Halilda palestinaly ýaşlaryň we sionist esgerleriň çaknyşygy

Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Al-Halilda palestinaly ýaşlaryň sionistlere garşy operasiýasyndan soň, bu sebitde palestinaly ýaşlar bilen sionist harbylaryň arasynda gapma-garşylyk dowam edýär.

Sionistlere garşy bu operasiýa şenbe güni gije ýerine ýetdi we bir sionist öldürilip, bäş adam ýaralanypdy. Sionist esgerler tarapyndan bu palestinaly ýaş hem atyldy we şehit boldy. Bu wakadan soň Al-Halilnyň köçelerinde esgerler bilen palestinaly ýaşlaryň arasynda güýçli çaknyşyk boldy.

Bu köçe çaknyşygy ýekşenbe güni başlandy. Palestina ýaşlary sionist güýçlere daşlar we ýakylýan tekerler bilen garşy çykdylar we Al-Halilnyň dürli köçelerinde ýatdan çykmajak taryhy garşylyk sahnalary döretdiler.

Sionist esgerler Hebronda palestinaly ýaşlary gönüden-göni nyşana alýarlar. Sionist esgerler, palestinaly ýaşlary söweş oklary bilen gönüden-göni nyşana alýan jenaýatlaryny ýazga alýan kameraçylara haýbat atýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, Sionist esgerler Al-Halilda köçe çaknyşyklary wagtynda birnäçe palestinaly ýaşlary tussag etdiler. Al-Halilnyň dürli ýerleri sionist güýçleri  tarapyndan gurşalandyr.

Şu günler Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky dürli sebitler Sionist režiminiň basyp alynmagyna garşy garşylyk merkezine öwrüldi.

"Arin al-Aswad" topary (Bişeh Şiran) Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky garşylygyň esasy okydyr. "Bişeh Şiran" ýa-da şol Ýolbarslar Bagy toparynyň ýaşlary, sionist regime maksatly garşylyk görkezdiler.