Nov 08, 2022 20:24 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Saud Arabystanynda raýat aktiwistiniň esassyz tussag edilmegini ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasy, Saud Arabystanyň häkimiýetleri tarapyndan Saud Arabystanynyň raýat aktiwistiniň eden-etdilikli tussag edilmegini ýazgardy.

IRNA-nyň sişenbe güni beren hasabatyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Syýasy we raýat aktiwistlerini esassyz tussag etmek topary maglumat bazasynda çap eden makalasynda Saud Arabystanynyň gündogar sebitindäki Tarot adasyndan raýat aktiwisti Huseýin bin Abdullah bin Yusuf al-Sadygyň esassyz tussag edilmegini ýazgarmak bilen bu raýat aktiwistiniň galp aýyplamalar esasynda we hiç hili kepilliksiz tussag edilendigini habar berdi.

47 ýaşly Huseýin bin Abdullah bin Yusuf al-Sadyk dini we haýyr-sahawat birleşiklerine gatnaşyp, gündogar Arabystanyň Al-Katif sebitinde medeni çäreleri we dini leksiýalary gurady.

Tags