Nov 20, 2022 16:14 Asia/Ashgabat
  • BMG Sionist göçüp gelenleriň we esgerleriň Al-Halila eden rehimsiz hüjümini ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasy Sionist göçüp gelenleriň we Sionist režimiň esgerleriniň Al-Halil şäherine eden rehimsiz hüjümini berk ýazgardy.

Ösüş maksatlaryna ýetmek üçin sionist esgerler we göçüp gelenler her gün Palestiniň dürli sebitlerine hüjüm edýärler we palestinalylary şehit, ýaralay ýa-da tussag edýärler.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň Günbatar Aziýadaky parahatçylyk utgaşdyryjysy Tor Winsland geçen şenbe güni agşam Sionist göçüp gelenleriň we Sionist režimiň esgerleriniň Al-Halil şäherine eden wagşyçylykly hüjümini ýazgardy.

Ondan öň palestinaly çeşmeler düýn agşam Al-Haliliň dürli sebitlerine, esasanam Bab al-Zawiýa sebtine, Sionist režimiň goşunynyň güýçli goldawy bilen sionist göçüp gelenleriň köpçülikleýin hüjümi barada habar berdiler.

Al-Halilda 200,000-den gowrak palestinaly we 400-e golaý sionist göçüp gelenler ýaşaýar, ýöne sionist režim Palestina topraklaryny basyp almagyny dowam etdirýär we Al-Halili tutuşlygyna basyp almaga synanyşýar.