19 Sentýabr 2019, 16:55
  • Ýewropa Bileleşigi basylyp alynan ülkelerde şäherçe gurmak işleriň ýatyrylmagyny isledi

Ýewropa Bileleşigi bir beýannama çykarmak bilen Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalarynda täze şäherçeleri gurmak baradaky Sionist režiminiň premýer-ministri Benýamin Netaniýahuň tutumyny bikanun hasaplamak bilen bu gidişiň togtamagyny isledi.

Palestinanyň Wafa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýewropa Bileleşigi düýn çykaran ýaňky beýannamasynda Palestinanyň basylyp alynan ülkelerinde we Kudus şäherinde salynýan ähli jühit şäherçeleriň halkara kanunlar esasynda bikanundyrlar diýip yglan etdi.

Sionist režiminiň premýer-ministri Benýamin Netaniýahu bir näçe gün mundan ozal saýlawçylyk gürrüňleriniň gidişinde saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda Iordaniýa akarynyň günbatar sebitiniň kä böleklerini basyp alynan ülkelere birikdirjekdigini toslapdy.

halkara guramalaryň we ýurtlaryň köpüsi şol sanda Birleşen Milletler Guramasy Ýewropa Bileleşigi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy şeýle-de Siriýa,Katar,Eýran Yslam Respublikasy Netaniýahuň bu sözleriniň yzyna tirkäp biljek netijeleri barada duýduryş berendirler.

Tag

Teswirler