12 Noýabr 2019, 20:23
  • çydam toparlary azndan 160 raketa bilen basylyp alynan ülkeleri hüjüm astyna aldylar

Palestinanyň çydam toparlary yslam Jihad hereketiniň iki ýokary derejeli serkerdesiniň Sionist režimiň goşuny tarapyndan şehit edilmeginiň gaýtawulynda basylyp alynan ülkelere azyndan 160 raketa bilen hüjüm edip Sionistleriň onlarçasynyň ýaralanmaklaryna we gorkmaklaryna sebäp bolandyrlar.

Sionist režimi şu gün daňdan Gazza zolagynyň gündogaryna garşy ýola beren hüjüminde Palestinanyň yslam jihad hereketiniň ýokary derejeli harby serkerdelerinden bolan Beha Abu Al-Atany we onuň başdaşyny şehit edip 3 adamyň şol sanda iki çagasynyň gaty ýaralanmaklaryna sebäp bolandyr.

şol bir wagtda Sionist režiminiň media serişdeleri şu gün irden azyndan 80 raketanyň Gazza zolagyndan Ysraýylly şäherçelere tarap atylandygyny habar berdiler.

Sionist režimi şeýle-de şu gün Palestinanyň yslam jihad hereketiniň syýasy gullugynyň agzasy Akram Al-Ujuryny Damaskyň gündogar Al-maze sebitinde öldürendirler.

soňky habarlara görä Sionist režiminiň Gazza zolagyna garşy howa hüjümleri dowam edip durandyr we bu hüjümleriň netijesinde 4 adamyň ölmeginden aýry 25 adam hem ýaralanandyrlar.

Tag

Teswirler