13 Noýabr 2019, 14:56
  • Palestinanyň premýer ministri Sionistleriň Gazza zolagna garşy hüjümleriniň togtamagyny isledi

Palestinanyň premýer ministri Muhammet Aştiýe Sionist režiminiň goşun güýçleriniň Gazza zolagyna garşy ýola berip duran hüjümleriniň öňüni almak ugurda halkara köpçüligiň çalt goşulmagyny talap etdi.

Palestinanyň Mea habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Aştiýe birleşen Milletler Guramasyna we adam hukuk guramalara ýüzlenip Gazza zolagynda we Iordaniýa akaryň günbatar ýakalarynda Sionist režimiň jenaýatlarynyň garşysynda Palestina ilatyndan arka çykmaklaryny talap etdi.

Palestinanyň premýer ministri Muhammet Aştiýe şeýle-de Sionist režimi Palestina ilatyna garşy ýola berýän hüjümlerine we jenaýatlaryna soň bermelidir diýdi.

Sionist režimi sişenbe güni daňdan-dan Gazza zolagyna garşy täze döwür hüjümlerini başlady.gowşan soňky habarlara görä bu hüjümleriň netijesinde şo mahala çenli azyndan 16 Palestinaly şehit we onlarçasy hem ýaraly bolandyrlar.

Palestinanyň çydam toparlary bolsa Sionist režiminiň goşun güýçleriniň bu hüjümleriniň gaýtawulynda azyndan 250 raketa bilen basyp alynan ülkelere şol sanda Tel-Awiw şäherine hüjüm edendirler.

Teswirler