14 Noýabr 2019, 17:23
  • Gazza zolagynda atyşyk bes edildi

Palestinanyň çydam toparlarynyň şertleriniň Sionist režimi tarapyndan kabul edilmeginden soň Palestinaly toparlar Gazza zolagynda atyşygyň bes edilmegi barada Müsüriň beren teklibi bilen ylalaşdylar.

Palestinanyň çydam toparlarynyň serkerdelerini terror etmekden saklanmak we dolanmak hukuky diýilen ýol ýöreşe gatnaşan Palestinalylary oka tutmazlyk barada berilen şertleriň Sionist režimi tarapyndan kabul edilmeginden soň Gazza Zolagynda bu režim bilen Palestinaly toparlaryň arasynda atyşyk bes edildi.

şu gün ertir bilen Gazza zolagynda atyşygyň bes edilmegi ýöredilip ugrandyr.şol bir wagtda Palestinanyň yslam jihad hereketiniň başlygy Zyýad Al-Nahala Al-Maýadin tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Palestinanyň bütin çydam toparlarynyň Sionist režimiň her hilli hüjümine doly taýýardyklaryny habar berdiler.

mundan ozal Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterres hem Sionist režiminden Palestinalylaryň tersine adam hukukyny bozmakdan saklanmagyny isläpdi.

Tag

Teswirler