14 Noýabr 2019, 17:58
  • Idlibiň günorta gündogarynda Siriýa goşunynyň operasiýalary başlandy

terrorçy Jibhat Al-Nosra toparynyň we ýaranlarynyň iň soňky pozisiýasy bolýan Idlib welaýatynyň günorta gündogarynda Siriýa goşuşynyň operasiýalary başlandy.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Siriýa goşuşynyň operasiýalary şu gün gury ýer we howa güýçleriniň arkalaşygy bilen başlandy we Siriýanyň harby güýçleri Idlibiň günorta gündogarynda ýerleşen Abu Dali şäheriniň demirgazygynda ýerleşen Luýbede şäherine musallat boldylar.

bu operasiýada Siriýanyň tophana birligi ýerden we bu ýurduň we Orsýetiň howa güýçleri howadan terrorçylaryň pozisiýalaryna hüjüm etdiler.

Siriýanyň prezidenti Başar Assad baýak beren gürrüňlerinde Idlibiň bu ýurtdaky terrorçylaryň iň soňky pozisiýasydygyna yşarat edip egerde Idlib welaýatyndan terrorçylaryň çykmaklary baradaky syýasy çäre jogap bermese harby çäräniň ulanyljakdygyny aýdypdy.

Tag

Teswirler