Ýanwar 01, 2020 22:09 Asia/Ashgabat
  • Haşad al-Şaabi Bagdatda Amerikanyň ilçihanasynyň garşysyndaky protestlere soň berilmegini isledi

Yragyň halyk güýçleri ýa şol Haşad al-Şaabi Yrakly protestçylardan Bagdatda Amerikanyň ilçihanasynyň garşysynda özleriniň protestlerine soň bermeklerini islediler.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Haşad al-Şaabi güýji şu gün bir beýannama boýunça Yrakly protestçylardan Yragyň premýer ministri hem-de bu ýurduň bütin ýaragly güýçleriniň serkerdesi Adel Abdulmehdiň islegi esasynda Amerikanyň ilçihanasynyň garşysyndaky arzaly ýygnanşyklaryna soň bermeklerini talap etdi.

Yrak ilatynyň ýüzlerçesi düýnden bäri Amerikanyň Haşad al-Şaabi güýçlerine eden howa hüjümleriniň gaýtawulynda Bagdatda Amerikanyň ilçihanasynyň garşysynda ýygnanşyp Amerikanyň bu jenaýatyny ýazgardylar.

Yrakly bir jogapkäriň aýtmagyna görä,düýnden bäri ilçihanany goraýan Amerikaly harbylaryň atan oklary we göz ýaşardyjy gazlary bilen protestçileriň azyndan 77-si ýaraly bolandyrlar.Yrak ilaty Amerikanyň ilçihanasynyň garşysynda ölüm bolsun Amerika diýen şygary perýat etdiler.

geçen ýekşenbe güni Amerikanyň uçarmansyz uçarlarynyň Haşad al-Şaabi güýçlerine garşy ýola beren hüjümlerinde bu güýçleriň azyndan 25-si şehit we 51-si ýaraly boldylar.

 

Teswirler