Ýanwar 05, 2020 22:27 Asia/Ashgabat
  • Seýid Hasan Nasrolla:serdar Suleýmaniň şehit edilen güni Aziýanyň günbatarynyň täze taryhynyň başlanýan günidir

Liwanyň Hizbolla hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrolla general Gasym Suleýmaniň şehit edilen güni diýmek Ýanwar aýyň 3-i Aziýanyň günbatar sebitiniň täze taryhynyň başlanan günidir diýip yglan etdi.

Eýran press habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň Hizbolla hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrolla şu gün Beýrutyň Zahiýe sebitinde serdar Suleýmani we Abumahdei Al-Mohandesyň hatyryna gurnalan dabarada beren gürrüňlerinde elbetde haji Gasym Suleýmani we Abumahdei Al-Mohandes özleriniň arzuwlary bolan şehitlik derejesine ýetdiler diýip beýan etdi.

Liwanyň Hizbolla hereketiniň baş sekretary Amerikanyň prezidenti bu jenaýatyň jogapkärçiligini boýun alandyr diýmek bilen çydam toplumyň Siriýa,Liwan,Palestina,Yrak we Ýemen ýurtlarynda el-geren üstünlikleri Trampyň Amerikanyň preziden saýlowlarynyň öň ýanynda şeýle bir jenaýata baş goşmagyna sebäp bolandyr diýip sözlerine goşdy.

Seýid Hasan Nasrolla şeýle-de Trampyň Eýranyň garşysynda ýeňilmegini serdar Suleýmanini terror etmeginiň ýene bir sebäpkäri bilmek bilen Trampyň maksady Eýran yslam düzgünini ýykmak ýa-da bolmasa ony dyza çökertmek hasaplap emma olaryň niýetleri hasyl bolan däldir diýdi.

Nasrolla sözüniň dowamynda çydamy çäklendirmek ugurda Amerikanyň tagalla edip duranlygyna ýöne bu tagallalaryň peýdasyzdygyna yşarat edip Tramp Eýran bilen uruşa girişmegiň näçende howplydygyny bilýändir diýip yglan etdi.

Tag

Teswirler