Ýanwar 05, 2020 23:13 Asia/Ashgabat
  • Yrak parlamenti bu ýurtdaky Amerikaly harbylaryň çykmaklaryna ses berdi

Yrak parlamenti şu gün ikindin geçiren maslahatynda Amerikaly harbylary bu ýurtdan çykarmak baradaky taslamany makullady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yrak parlamentiniň şu günki maslahaty bu ýurtdaky Amerikaly harbylaryň çykarylmagy barada bu ýurduň ilatynyň bildirýän islegleriniň hem-de soňky günlerde serdar Suleýmanini we Abumahdei Al-Mohandesi terror etmeginiň yzy bilen geçirilendir.

Yragyň parlament wekilleri bu maslahatyň başynda ölüm bolsun Amerika ölüm bolsun Sionist režimine diýen şygarlary perýat etdiler.

Yragyň wagtlaýyn premýer ministri Adel Abdulmehdi bu ýurduň parlamentiniň ses alyşyk maslahatynda Yrakdaky Amerikaly harbylaryň herne basym çykmaklaryny isledi.

Adel Abdulmehdi Yragyň halyk güýçleriniň bu ýurduň howpsyzlyk sistemasynyň bir bölegidigini nygtap Amerikanyň bu güýçlere hüjüm etmegini ýazgardy.

Tag

Teswirler