Ýanwar 21, 2020 17:15 Asia/Ashgabat
  • Ali Al-Ganemi:Amerikaly harbylaryň Yrakdan çykarylmagy nygtaldy

Yrak parlamentiniň goranmak we howpsuzlyk komissiýasynyň agzasy bu ýurduň topragyndaky Amerikaly harbylaryň çykarylmagy üçin Yrak döwletiniň iş ýüzünde gerek çäreleri görendigini habar berdi.

Yrak parlamentiniň goranmak we howpsuzlyk komissiýasynyň agzasy Ali Al-Ganemi şu gün Bagdat Al-Ýom habar sayty bilen geçiren söhbetdeşliginde Bagdat döwletiniň Amerikaly harbylary Yrakdan çykarmak üçin gerek çäreleri görendigini aýtmak bilen üstümizdäki milady ýylynda Yrakda Amerikaly harby güýçleriň huzurly bolmaklarynyň gutarmagyna şaýat boljakdyrys diýdi.

Al-Ganemi şeýle-de Amerikaly harbylaryň çykarylmagy üçin Yragyň parlamentinde tutulan tutumyň umumy bähbitler esasynda bolan milli tutumdyr diýmek bilen Al-Haşad Al-Şabi güýçlerini we ýolbaşçylaryny öldürmek ugurda Amerikanyň terrorçy harbylarynyň ýola beren jenaýatlaryndan soň Amerikaly harby güýçleriň Yrakda huzurly bolmaklary kabul ederlik däldir diýip sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler