Ýanwar 23, 2020 19:30 Asia/Ashgabat
  • ana güni Yrakda geçiriljek protestler Amerikalylaryň bu ýurtdan çykmaklary ugurynda bir referendumdyr

Yrak parlamentindäki Al-Fath Bileleşiginiň agzasy ana güni Yrakda geçiriljek protestleriň bu ýurtda Amerikalylaryň huzurly bolmaklaryna ilatyň garşylygyny görkezýän bir referendum boljakdygyny aýtdy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yrak parlamentindäki Al-Fath Bileleşiginiň agzasy Muhammet Al-Baldawi şu gün beren gürrüňlerinde ana güni geçiriljek protestleriň bu ýurtda Amerikalylaryň huzurly bolmagy barada Yrak ilatynyň boluşyny görkezjekdigine yşarat edip Amerikanyň Yrakda galmak ugurdaky tagallalary şowsuzlyga uçrandyr diýdi.

Yragyň syýasy,dini we milli şahsyýetleriniň we syýasy toparlaryň çakylygy bilen Ýanwaryň 24-i ana güni Aşrin ynkylaby diýen at bilen Yragyň boýdan başyndaky şäherlerde şol sanda paýtagt Bagdatda juma namazyndan soň protestler geçiriljekdir.

şol bir wagtda Yragyň Sadyr akymynyň başlygy Moktada Sadyr we Yragyň beýleki halyk toparlary ilatdan ana güni Amerika garşy geçiriljek protestlere giňden gatnaşmagyny islediler.

Tag

Teswirler