Fewral 18, 2020 16:42 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad:Aleppo we Idlib welaýatlaryny azat etmek baradaky operasiýalar duşmanlaryň burunlaryny ýere çalandyr

öten agşam Siriýanyň prezidenti Başar Assad bu ýurdyň goşun güýçleriniň Aleppo we Idlibde terrorçylaryň garşysynda gazanan üstünlikleri mynasýbetly eden tele çykyşynda Aleppo we Idlib welaýatlaryny terrorçylaryň elinden azat etmek boýunça operasiýalar duşmanlaryň burunlaryny ýere çalandyr diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Başar Assad Siriýa goşunynyň Aleppo we Idlibde gazanan soňky ýeňişlerini bu ýurtdaky terrorçylary ýeňmegiň başlangyjy bilmek bilen Türkiýäniň galmagallaryna garamazdan Aleppo we Idlib welaýatlarynda terrorçylary ýok etmek operasiýalar dowam etjekdir diýdi.

Siriýanyň prezidenti Başar Assad şeýle-de Siriýa goşunynyň soňky ýeňişlerini bu ýurduň ilatyna gutlamak bilen Siriýanyň goşun güýçleriniň bu ýurduň ilatynyň howpsuzlygyny goramak üçin öz janlaryndan geçmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Siriýa goşuny soňky hepdelerde Aleppo we Idlib welaýatlarynda terrorçy toparlara garşy söweşlerinde möhüm üstünliklere ýetendir.

Teswirler