Fewral 24, 2020 18:05 Asia/Ashgabat
  • Sionist režiminiň ýola beren hüjümlerinde Palestinanyň yslam Jihat hereketiniň iki agzasy şehit boldy

Palestinanyň Yslam Jihat hereketi Sionist režiminiň goşun güýçleriniň ýola beren hüjümlerinde bu hereketiň iki agzasynyň şehit bolanlygyny habar berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Palestinanyň Yslam Jihat hereketi bir beýannama boýunça ýaňky habary yglan etmek bilen Yslam Jihat hereketiniň harby pudagynyň harbylaryndan bolan Selim Ahmet Selim bilen Zyýad Ahmet Mansur Sionist režiminiň goşun güýçleriniň şu gün daňdan Siriýanyň paýtagty Damaska eden hüjümlerinde şehit boldylar diýip yglan etdi.

Siriýa goşunynyň howa hüjümlere garşy göreşýän bölümi bolsa Sionist režiminiň bu hüjümleri bilen garşylaşyp Sionistleriň Damaska tarap atan raketalarynyň bir näçesini urup ýok edendir.

Sionist režimi bu hüjümden maksat Damaskdaky Palestinanyň Yslam Jihat hereketine degişli merkezleri ýok etmek bolandyr diýip toslady.

Palestinanyň çydam güýçleri bolsa Sionist režiminiň ýola beren bu jenaýatlarynyň jogabynda şu gün azyndan 8 raketany basyp alynan sebitlere tarap atandyrlar.

Tag

Teswirler