Mart 25, 2020 19:26 Asia/Ashgabat
  • Adam hukuklary boýunça gözegçilik gullugy:Ýemeniň gündogarynda Saud Arabystanynyň Repressiýa işleri aýylgançdyr

Adam hukuklary boýunça Bütindünýä gözegçilik gullugy Saud Arabystanynyň Ýemeniň gündogaryndaky al-Muhara welaýatynda alyp barýan basgylaýjy hereketleri aýylgançdyr diýip yglan etdi.

Ýemeniň gudratdan kenara giden prezidenti Mansur Hadyň güýçleri hem-de Saud birligine degişli adamlar 2019-nji ýylyň Iýon aýyndan bäri Ýemeniň al-Muhara welaýatynda köp jenaýat işlere baş goşandyrlar diýip bu gurama yglan etdi.

şu möhletde Saud birliginiň adamlary al-Muhara welaýatynyň ýaşaýjylaryny bikanun suratda tutup olary türmä basandyrlar ýada olary Arabystana geçirip bendileri horlamakda köp jenaýatlary edendirler diýip Adam hukuklary boýunça gözegçilik gullugy yglan etdi.

Saud Arabystanyň güýçleri 2018-nji ýylyň ortalarynda al-Muhara welaýatyna girmekden soň bu welaýatyň iň möhüm serhet geçelgesi bolan al-Şajän geçelgesini öz kontrolyna geçirdiler.

durmuşda Ýemeniň daşary ýurtlar bilen bolýan söwdasynyň ýüze 65-si şu serhet geçelge arkaly ýerine ýetýändir.

Teswirler