Awgust 04, 2020 19:04 Asia/Ashgabat
  • Siriýa serhedindäki ABŞ-nyň gözegçiligindäki sebitlerde DAEŞ-nyň jenaýatlary artýar

Siriýanyň Adam Hukuklary Guramasy, Siriýa-Yrak serhediniň golaýynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky bileleşiginiň kontrol astyndaky sebitlerinde DAEŞ terrorçy elementleriniň edýän jenaýatlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasy sişenbe güni çykaran beýannamasynda DAEŞ terrorçylaryň Siriýanyň gündogaryndaky Deir ez-Zor welaýatynda  tire-taýpa şyhlaryny fiziki taýdan ýok etmek we tanymal taýpa şahsyýetlerini öldürmek üçin operasiýa başlandygyny yglan etdi.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasynyň yglan etmegine görä,Terrorçylyk DAEŞ-yň adamlary şu mahala çenli Deir ez-Zor, al-Hasakah we al-Rakka töwereklerinde azyndan 187 parahat ýaşaýjyny, şol sanda 14 çagany we sekiz aýaly öldürdi.

Bu sebitler, DAEŞ-e garşy ABŞ koalisiýasy diýlip atlandyrylýan Siriýanyň Kürt Demokratik Güýçleriniň (QSD) gözegçiligi astyndadyr.

Tag

Teswirler