Dec 28, 2020 18:29 Asia/Ashgabat
  • Nasrullah: Meni terror etmek Ysraýylyň, ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň bilelikdäki islegidi

Hizbullanyň baş sekretary, Hizbullanyň ýolbaşçylaryny we serkerdelerini nyşana almak ABŞ bilen Sionist režiminiň bilelikdäki maksadydygyny aýtmak bilen soňky döwürde özüniň terror bolmagynyň ähtimallygy barada duýduryşlary alandygyny mälim etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary "Seýed Hasan Nasrullah" ýekşenbe güni agşam Al-Maýadin tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde özüniň Sardar Soleýmanyň şehit bolmagyndan ozal we terror edilmezinden soň hem ABŞ-nyň we Sionist režiminiň nyşanalarynyň biridigini aýtmak bilen Amerikada Prezident saýlawynyň öňüsyrasynda bu ugurdaky tagallalar güýçlendi, sebäbi Trump-a saýlawlara täsir etmek üçin şeýle çäreler gerekdi diýdi.

Saýed Hasan Nasrullah, hatda Saud Arabystanynyň režiminiň hem ony terror etmegi isleýändigini aýtmak bilen ABŞ-a sapary wagtynda Saud Arabystanyň şazadasy şazada Muhammet bin Salman hem Amerikalylardan bu işi etmegini isländigini nytady.

Liwanyň Hizbullasynyň Baş sekretary, şehit bolan Soleýmaniniň we Al-Mohandesiň serkerdeleriniň terror edilmeginiň "Emad Mugniiýe" (Siriýadaky Liwan Hizbullah serkerdelerinden biri) we "Mohsen Fahrizadeh" (Eýranyň ýadro we goranmak alymy) terror edilmegine garşy aç-açan operasiýa bolandygyny beýan etmek bilen bu terror Ysraýyl, ABŞ we Saud Arabystanynyň üç taraplaýyn meýilnamasynyň bir bölegidir diýip yglan etdi.

Nasrullah: "Sardar Soleýmanyny terror etmek jenaýaty diňe bir Amerikalylaryň däl, eýsem Ysraýylyň we Saud Arabystanynyňam jenaýatydy diýdi.

Tags