Jan 09, 2021 16:22 Asia/Ashgabat
  • Seýed Hasan Nasrollah: Amerikalylar soňky wakalar bilen Trumpyň howpuna düşündiler

Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary ABŞ Kongresiniň wakalaryny howply hasaplamak bilen Amerikalylar Trumpyň öz ýurduna abanýan syýasy howpuna düşündiler diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Seýed Hasan Nasrollah anna güni agşam eden çykyşynda Sebitdäki amerikan dostlarynyň çarşenbe güni agşam Trumpyň tarapdarlary tarapyndan Kongrese edilen hüjümleri adaty görkezmäge synanyşandyklaryna garamazdan, bu waka Amerikanyň toslaýan demokratiýasynyň hakykatdygyny görkezdi diýdi.

Çarşenbe güni gije Trumpyň tarapdarlary kongresiň binasyna hüjüm edenlerinde azyndan 5 adam ölüp, başga-da onlarça adam ýaralandy.

Hizbullanyň Baş sekretary şeýle-de Amerikalylar beýle hadysalary beýleki ýurtlarda döretmäge öwrenişdi, ýöne Trump muny ABŞ-da durmuşa geçirendir diýip sözlerine goşdy.

Ol ABŞ hökümetiniň soňky ýyllarda eden hereketlerini, şol sanda çydam serkerdeleriniň, Soleýmaniniň we Al-Mohandesiň şehit edilmegini tankytlap, Trump Amerikanyň syýasy we harby ulumsylygynyň çig mysalydyr diýip beýan etdi.

Tags