Jan 17, 2021 22:53 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Yrakdaky täze meýilnamasy barada duýduryş

Yragyň howpsuzlyk hünärmeni, ABŞ-nyň bu ýurt bilen Siriýanyň serhedine terrorçylary Yraga getirmegi maksat edinýän hüjümleri barada duýduryş berdi.

"Al-Ma'loumeh" habar web sahypasynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä; Yragyň howpsuzlyk hünärmeni Ali al-Waili: Amerika güýçleriniň frat derýasynyň gündogaryndaky Siriýa-Yrak serhediniň golaýyndaky sebitlere gözegçilik etmegi tötänleýin däldir we olaryň DAEŞ terrorçylaryny köpelmek üçin serhet sebitini boşatmak meýilnamasy bardyr diýdi.

Al-Waili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýa bilen serhetdäki Yragyň howpsuzlyk güýçlerini bombalap, Yrakdan gitmek islemeýändigini aýtmak bilen bu ýurt bu hili hereketler bilen Terrorçy liderleriň Yrakdaky strategiki sebitlere aralaşmagy üçin şert döredýär we terrorçy toparlar bu ugurda ABŞ meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin iş alyp barýarlar diýip yglan etdi.

Üç ýyl dowam eden söweşden soň, 2017-nji ýylda Yrak terrorçy topary DAEŞ-den üstün çykandygyny yglan etdi. Şeýle-de bolsa, bu terrorçy toparyň dargadylan elementleri  Diýala, Kirkuk, Ninawa, Salah al-Din, Al-Anbar we Bagdat welaýatlarynyň käbir sebitlerinde henizem hereket edýär.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri bu terrorçylyk elementleri bu ýerlerden doly ýok etmek üçin iş alyp barýar.

Tags