Jan 21, 2021 15:54 Asia/Ashgabat
  • Eýran Bagdatda terrorçylykly hüjümleri ýazgarýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatdaky ilçihanasy Yragyň paýtagtynda birnäçe bigünä Yrak raýatynyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy.

Yragyň paýtagty Bagdadyň merkezindäki Al-Taýran meýdany şu gün öýlän (penşenbe) 28 adamyň ölmegine we 73 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan iki partlamanyň şaýady boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatda ýerleşýän ilçihanasy öz beýanatynda bu terrorçylykly jenaýatyň pidalarynyň maşgalalaryna gynanç bildirdi we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi.

Şeýle hem beýannamada Yrak hökümetiniň we howpsuzlyk enjamlarynyň hereketlerine goldaw berilýändigi aýdylmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, hemişe bolşy ýaly, Yrak hökümetiniň we halkynyň goldawyny nygtaýar we mümkin bolan kömege taýýardyr diýlip getirilýär.

Eýranyň Bagdatda ýerleşýän ilçihanasy Yragyň howpsuzlyk gullugynyň partlamanyň esasy günäkärlerini gysga wagtda tussag etjekdigine we jezalandyrjakdygyna umyt bildirdi.