Feb 23, 2021 21:18 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň daşary işler ministrniň Ankara sapary

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi.

23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi.

Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.

Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.