Feb 24, 2021 22:27 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň Ýewropa gaz tranzitinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýynlygy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Ankaranyň bu ýurt arkaly türkmenistanyň gazyny Ýewropa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň Daşary işler ministri Dawut Çawusoglu Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynda, taraplar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn başlangyçlar barada ylalaşdylar.

Iki tarap şeýle-de sebit we halkara gurluşlaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara sapary wagtynda türk kärdeşi bilen ikitaraplaýyn, türk we azerbaýjanly kärdeşleri bilen üç taraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn ýygnagynda Azerbaýjan-Türkmenistan Hazar deňzindäki Dostlik ýatagynyň özleşdirilmegi baradaky özara düşünişmek Memorandumy garşylandy.

Gepleşiklerden soň ministrler 2021-2022-nji ýyllar aralygynda üç ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

Tags