Feb 25, 2021 11:45 Asia/Ashgabat
  • «HAZAR DEŇZI SEBITINDE PANDEMIÝA DÖWRÜNDE ULAG WE SÖWDA GATNAŞYKLARYNYŇ DURNUKLYLYGY» TEMA BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI

2021-NJI HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN «HAZAR DEŇZI SEBITINDE PANDEMIÝA DÖWRÜNDE ULAG WE SÖWDA GATNAŞYKLARYNYŇ DURNUKLYLYGY» TEMA BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» tema boýunça onlaýn görnüşinde çäre geçirildi.

Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň Ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji Sekretary O.Algaýerowa we Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili çykyş etdiler.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Fekitamoeloa Katoa Utoikamana, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto, şeýle-de degişli ýurtlaryň Ilçileri we Hemişelik wekilleri, şol sanda halkara guramalarynyň agzalary çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylar ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň we utgaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, çünki ol 2021-nji ýylda geljekki ösüşiň we öňe gidişlikleriň gazanylmagynda aýratyn wajyp hem-de täsirli ugurlaryň biri bolup durýandyr.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan pandemiýa döwründe durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özarahereketleriň üpjün edilmegi arkaly syýasy gatnaşyklaryň dowam edilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy, şeýle-de ýurdumyzda üstümizdäki ýylda deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyklar barada hem habar berdi.