Mar 03, 2021 14:39 Asia/Ashgabat
  • BMG-niň Baş Sekretarynyň Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan ýüzlenmesi

2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesini okady. 

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş «Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli gutlamaga şatdygyny» belläp geçdi. «Türkmenistan möhüm agza-döwlet bolmak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly Guramanyň maksatlaryna ýetmek işinde açyk we işjeň ähmiýetli orun eýeleýär», diýip BMG-niň Baş sekretary sözüni dowam etdi.

Ol şeýle-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurtda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýerleşdirilmegi hem-de döwletiň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän köpsanly başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasy – biziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna alyp barýan umumy ymtylyşlarymyza ähmiýetli goşant goşýar. Men yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlygymy bildirýärin  we şu şanly sene mynasybetli mähirli gutlaýaryn» diýip, aýratyn belledi. 

 

Tags