Mar 07, 2021 23:40 Asia/Ashgabat
  • TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi.

6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri özüniň türkmen kärdeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Golaýda Ankarada geçirilen gepleşikleriň netijeliligine kanagatlanma bildirmek bilen, taraplar türkmen-türk gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara hereketler bilen birlikde, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga jikme-jik seredilip geçildi.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň ilerledilmegi ugrunda Türkmenistanyň aýgytly hereketlerini belläp geçdi, bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen möhüm başlangyçlarda öz beýanyny tapýandyr. Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň derwaýyslygy barada gürrüň etmek bilen, Mewlüt Çawuşoglu sebitleýin ykdysady integrasiýa üçin ulag-üstaşyr we energetiki geçelgeleriniň giňeldilmegi ugrunda türk tarapynyň bilelikde işlemäge taýýarlygyny beýan etdi. Lapis-Lazuli geçelgesi şeýle hyzmatdaşlygyň görnükli mysaly bolup durýandyr.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derejesine hem seredip geçdiler.

Diplomatlar şeýle-de ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň netijeli ilerledilmegi bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Howpsuzlyk, ylaýta-da ekologiýa howpsuzlygy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Saparynyň dowamynda, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.

Tags