Apr 08, 2021 22:48 Asia/Ashgabat
  • Zarifiň Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär

Eýranyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif penşenbe güni Merkezi Aziýa saparynyň soňky tapgyrynda Aşgabatda türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri, dürli syýasy, ykdysady we medeni pudaklarda Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ölçeglerini düşündirip, iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy.

 Türkmenistanyň prezidenti hem dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky gatnaşyklary goldady we ýurduň Eýran bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna gelendigini aýtdy.

Tags