Apr 08, 2021 22:56 Asia/Ashgabat
  • MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNYŇ ARASYNDA

8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi.

Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene mynasybetli bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de iki döwletiň sebitleriniň arasynda özara hereketleriň oňyn tejribeleri bellenildi. Taraplar ylym, bilim we lukmançylyk babatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işlemäge ylalaşdylar.

Tags