Apr 16, 2021 18:40 Asia/Ashgabat
  • «YNSANPERWER UGRY BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY ÜÇÜNJI PLENAR MEJLIS

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlis geçirildi. Mejlisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp bardy.

Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Ýewropa ýurtlary we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory, Ýewropada bosgunlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen çäreleriň ýörite utgaşdyryjysy Afşan Han, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Agi Weres, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Aziýa sebiti boýunça Direktory Alanna Armitaj, Halkara Gyzyl Haç Federasiýasynyň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekili Bayarma Luntan, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şödder, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Tähran şäherinde ýerleşýän edarasynyň Başlygy Swetan Swetowski dagylar çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebit we halkara guramalary, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýandygyny nygtadylar. Halkara ynsanperwer guramalary bilen işjeň hymtdaşlygy saklamak bilen, döwlet, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk şahslara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak üçin netijeli işleri alyp baryp, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna goşant goşýar. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň möhm ähmiýeti barada nygtaldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň öndürijiligini nygtap, gatnaşyjylar ýurduň ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesinde işjeň orny eýeleýändigini, sebit we global ölçeglerde gülläp ösmegi üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlary ýetmek üçin ýurduň anyk başlangyçlary öňe sürýändigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar bu maslahatyň işine gatnaşmagy bilen bagly çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ugrundaky hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýokary derejesi barada aýtdylar.

 

Tags