Apr 16, 2021 18:45 Asia/Ashgabat
  • TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi. 

 Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alyşyldy.  Taraplar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň görkezmesi esasynda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň soňunda geçirmegi meýilleşdirilýän çäreleriň dabaraly geçirilmegi üçin degişli işleriň alnyp barylmagy barada nygtadylar.

Soňra, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekişmek çäresi geçirildi.

Agzalan Konsepsiýa türkmen tarapyndan “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekil M.Amanow we owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad gol çekdiler.

E.Ebad bu Konsepsiýa TOPH gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňde duran işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine, şol sanda Kabul ediji tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň (HGA) goşundylary bolan Howpsuzlyk meýilnamasynyň we teswirnamasynyň işlenip taýýarlanmagyna uly ýeňillik döretjekdigi nygtaldy.

Tags