Apr 18, 2021 15:52 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan BMG-nyň Neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

BMG-nyň Neşeler we jenaýat boýunça 64-nji komissiýasy Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Merkezi Aziýanyň wekiliýetleriniň agzalary Türkmenistaniň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Silapberdi Nurberdiýew we Daşary işler ministriniň orunbasary Öwezdurdy Hojanyýazowyň  gatnaşmagynda wirtual ýygnagy geçirdiler.

bu wirtual ýygnaga gatnaşanlar Aşgabadyň halkara we sebitleýin çäreleri we neşe gaçakçylygyna garşy göreşde hyzmatdaşlygyny hemde, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary döretmekdäki hyzmatdaşlygyndan minnetdarlyk bildirdiler.

Şeýle hem, 2020-2023-nji ýyllar üçin BMG-nyň neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanyň saýlanmagy, ýurduň neşe howpuna garşy göreş alyp barýan global syýasatynyň ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň alamatydygy bellenildi.

Tags