May 06, 2021 00:04 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda,Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Türkmenistanda,Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň  Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň Sekretariaty tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda bu guramanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga gönükdirilen parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm ugrudyr.

 Türkmenistanyň prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugur halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Interaktiw söhbetdeşlikde duşuşyga gatnaşyjylar ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 29-njy mejlisiniň esasy meselelerini we gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisi şu ýylyň iýul aýynda onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär.

Onuň çäklerinde bu abraýly düzümiň giňişliginde üstünlikli ösdürilýän köptaraply hyzmatdaşlygyň syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryna degişli meseleleriň uly toplumyna garamak göz öňünde tutulýar. Onuň düzümine Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň 57 döwletiniň 300-den gowrak parlamentarisi girýär.

 

 

Tags