Jun 17, 2021 09:35 Asia/Ashgabat
  • “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etdi

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy. Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmek bilen bir hatarda, özara hereketleriň giň toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Mejlisiň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň soňky mejlisinden bäri amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine syn berildi. Dialogyň täze konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle-de öňde boljak “MA + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň meýilnamasynyň we gün tertibiniň taslamalaryna seredildi. Mejlise gatnaşyjylar Dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.   

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew öz çykyşynda Dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasyny tassyklady. Ol bilelikdäki hereketlere syn berdi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda, ykdysadyýeti dikeltmek boýunça özara gatnaşyklary berkitmekde we pandemiýanyň jemgyýetçilik-ykdysady täsirlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny belledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary “MA + Ýaponiýa” Dialogynyň indiki Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gün tertibinde görkezilen türkmen tarapynyň ozal yglan eden başlangyçlaryny ýatlatdy.

Hususan-da, Türkmenistanyň MA döwletleri bilen Ýaponiýanyň arasynda howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar we sanlylaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklar, söwda, maýa goýum, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Howpsuzlyk barada aýdylanda bolsa, onuň bitewülik ýörelgesine eýermek bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalara goşulmagyň möhümdigine ynam bildirýär.

Türkmen tarapy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ykdysadyýetiň dekarbonizasiýasy, ýokary hilli ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek babatda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagy goldaýar. Şu nukdaýnazardan, maýa goýum we maliýeleşdirmegiň meselelerini öwrenmegiň möhümdigi bellenildi. Ekologik düzümi göz öňünde tutup, häzirki zaman ýokary tehnologiýalary döretmek boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Mejlisde şeýle-de Dialogyň döwletleriniň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri agzalyp geçildi. Türkmen tarapyndan indiki ýylda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.

Şu we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelere “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň öňde boljak mejlisinde serediler.

Tags