Jul 25, 2021 22:52 Asia/Ashgabat
  •  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Ýaponiýa sapary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ýaponiýa eden saparynda birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä,  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdymuhamedow Ýaponiýada, imperator Naruhito bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdy.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýanyň başlygy Berdimuhamedow ýapon kärdeşi Hiraýuki Siba bilen hem duşuşdy.

Häzirki ýagdaý we söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalardan boldy.

Duşuşygyň ahyrynda bank we maliýe hyzmatdaşlygy, şeýle hem ulag we ýol tehnologiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Tags