Sep 08, 2021 16:03 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana boljak sapary

Türkmenistanyň prezidenti ýakyn wagtda Özbegistana resmi sapar gurar.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe beren permanynda Özbegistana geljeki saparynyň çäginde özbek kärdeşi bilen şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikdeki hyzmatdaşlyk komissiýasynyň geçiriljek mejlisinde Söwda, Ykdysady, Ylmy, Tehniki we Medeniýet boýunça gatnaşyklaryň barlanmagy baradaky taýýarlyklaryň görülmegini talap etdi.

Berdymuhamedow häzirki wagtda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda dostluk, doganlyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bardygyny aýtmak bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň iň ýokary derejesinde gazanylan ylalaşyklar olar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary umumy bähbidine hyzmat etmek üçin has ýokary derejä çykarýarlar diýdi.

Berdymuhamedow soňky gezek 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda boldy. Şeýle hem awgust aýynda iki ýurduň ýolbaşçylary Hazar deňziniň kenarynda we Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň üçünji maslahatynyň çäginde milli syýahatçylyk sebitindäki "Awaza" -da duşuşdylar.

Tags