Sep 10, 2021 11:05 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda,Gazturbinaly elektrik stansiýasya gurulmak

Türkmenistan,Gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy


 Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.
Bu waka ýurdy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýurduň,ähli sebitlerinde kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, soňky ýyllarda pudagyň kuwwaty has-da ýokarlandy. Bu bolsa ýurduň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Ine, bu gün ýurduň elektroenergetikasy üçin ähmiýetli ýene-de bir taslama tamamlandy. Bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.
Dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyza gelen ýapon wekiliýeti, daşary ýurtly işewürler gatnaşdylar.
Täze desganyň ýanynda irden başlanan baýramçylyk dabarasyna Lebap welaýatynyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly, tansly çykyşlar ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Dabaraly pursat gelýär. Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär — täze möhüm energetika desgasy açylýar.
Soňra dabara gatnaşyjylar elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynyň maslahatlar zalyna bardylar, şol ýerde dabaraly mejlis geçirildi.
  Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkynyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Daşary döwletler bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.
Türkmen Döwletiň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Ýapon kompaniýalary ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Mary şäherinde karbamid öndürýän zawod, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň kükürt kislotasyny öndürýän sehi, “Garabogazkarbamid” zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalar guruldy.
Ýaponiýanyň dünýä belli meşhur öndürijileriniň — “Komatsu”, “Hitachi”, “Toyota” kompaniýalarynyň dürli tehnikalary ýurtde giňden peýdalanylýar.

Tags