Sep 12, 2021 10:32 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Türkmenistan Lideri mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän we ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleriň netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy.
Ýurdyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
Şeýle hem wise-premýer Ýokary gözegçilik edarasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndaky degişli Kararyna laýyklykda, ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklaýandygy barada hasabat berdi. Gurluşyk işleriniň hil derejesi hemişelik üns merkezinde durýar.
Şu ýylyň 6-njy sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurtda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler bar. Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtyň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.
Milli Lider ykdysadyýetiň ýagdaýyny seljermegi dowam etmek hem-de emele gelýän ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini anyk kesgitlemek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.  

Tags